Bugly arassalaýjy Karcher SC2 DELUXE

Bahasy:
Brend:
Aýratynlyklary
Görnüşi ýerde durýan
Hemmesini görkez
ýa-da

Haryt barada

Aýratynlyklary

Teswirler

Täze ykjam we ýeňil başlangyç derejeli bug arassalaýjy SC 2 Deluxe EasyFix, dürli ýüzleri dürli hapalaýjylardan arassalamak üçin iň amatly tertibi saýlamaga mümkinçilik berýän 2 basgançakly bug sazlaýjy bilen enjamlaşdyrylandyr. Düýpli arassalama işlerinde Kärcher bug arassalaýjysy gaty ýerlerde wiruslaryň we umumy öý bakteriýalarynyň 99,99% -ini ýok edýär. SC 2 Deluxe EasyFix -iň tutawajynda ýerleşdirilen innowasion halka görnüşli LED görkezijisi hemişe ýagdaýyny görkezýär: gyzyl öwüşgin gyzmagy görkezýär, ýaşyl bolsa ulanmaga taýýardygyny görkezýär. Topluma girýän ähli esbaplar (iki uzaldyjy turbany hem goşmak bilen) ýörite uzyn halta gapda saklanyp, ýa-da göni enjamyň korpusyna birikdirilip bilner. EasyFix pol nasadkasy, ýerine ýetirilmeli işleri ýeňilleşdirýän şarnir bilen üpjün edilen, we onuň arassalama işlerinde ajaýyp netijäni kepillendirýän plastinkaly dabany bar. Mikro süýümli pol süpürgüji nasadka ýelmeýji bilen aňsatlyk bilen dakylýar we hapa galtaşman çalt aýrylyp bilner. Esbaplaryň giň toplumy, dürli arassalaýyş meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär - hammamda keramiki plitalary, aşhanadaky peçleri we howa çekijileri we ş.m. Arassalamak bilen bir hatarda, enjam hatda inçejik yşlardan siňip giden hapalary we seplerdäki hapalary aýyrmaga hem ukyplydyr.

Synag şahadatnamasy koronawiruslaryň 99,999% we bakteriýalaryň 99,9% çenli öldürýär
1 gezek doldurlandan soň arassalaýan meýdany takmynan 75 m²
Gyzdyryjynyň güýji 1500 Wt
Maks. bug basyşy (bar) maks. 3.2
Kabeliň uzynlygy 4 m
Gyzýan wagty 6.5 min
Doldurylýan suwunyň möçberi 1 L
Elektrik üpjünçiligi (V / Hz) 220 - 240 / 50 - 60
Agramy (esbapsyz) 2.68 kg
Ölçegleri 304 x 231 x 287 mm
Kepillik 1 ýyl