Eltip berme hyzmaty barada

Eltip berme hyzmaty hakda maglumat

Biziň onlaýn dükanymyz, bizden satyn alnan islendik haryda özüniň eltip berme hyzmatyny hödürleýär.

Eger-de Siz biziň eltip berme hyzmatymyzdan peýdalanmak kararyna gelseňiz – harytlary eltmegiň we gowşurmagyň şertleri bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýäris:

Bahasy 150 TMT ýokary ähli sargytlar eltip bermesi mugt amala aşyrylýar! 150 TMT ýetmedik sargyt gowşurmagyň bahasy 20 TMT.

Tizligi sargyt berlen pursadyndan 2 sagadyň dowamynda amala aşyrylýan "Ekspress eltip berme" hyzmatyny ulanyp bilersiňiz. Harytlaryň görnüşine garamazdan "Express eltip berme" hyzmatynyň bahasy 20 TMT bolar

Sargytlaryň kabul edilýän wagty:

Duşenbe - Anna: 09:00 - 18:00

Şenbe: 09:00 - 13:00

Eltip bermegiň tizligi:

“Standart gowşuryş” 16:00-dan öň sargyt edilse şol gün amala aşyrylýar.

Sagat 16:00-dan soň edilen sargytlar ertesi güne geçirilýär.

Haryt Siz bilen ylalaşylan günde we Size amatly wagtda gowşurylar

Haryt Siz tarapyndan görkezilen salga eltip beriler

Size gowşurylýan harytlary barlanyňyzda üns beriň!

Görünýän mehaniki zeperleriň ýokdugyna we toplumyň içine girýän zatlaryň hemmesiniň ýerbe-ýerdigine göz ýetiriň.

Harydyň daş görnüşinde kemçilik ýoklugy, toplumda ähli zatlaryň ýerbe-ýerdigi we resminamalaryň bardygy, harydy gowşuryş zaýawkasyndaky/resminamasynda Siziň goluňyz bilen tassyklanýar we eltip berilen haryda Siziň hiç hili arz-şikaýatyňyz ýoklugynyň subutnamasy bolup durýar.

Eger-de getirilen harydyň zeperi bar bolsa, ony kabul etmezlige Siziň hakyňyz bar.

Türkmenistanyň “Sarp ediji hukuklaryny goramak” kanunyna laýyklykda, satyn alnan harytlary kanunlarda göz öňünde tutulan möhletlerde çalyşyp ýa-da gaýtaryp bilersiňiz.